HJ “ŞIR”

«Şir» hojalyk jemgyýeti 2012-nji ýylda esaslandyryldy we polipropilen haltalary öndürmek bilen meşgullanýar.

2000 inedördül metr meýdany eýeleýän önümçilik toplumymyzda hili we gurluşy boýunça öňdebaryjy gaplamalar – himiýa, gurluşyk, oba hojalykda gaýtadan işleýiş we halk hojalygynyň beýleki pudaklary üçin haltalar öndürilýär.

Biziň köp ýyllaryň dowamynda gazanan üstünliklerimiziň açary hyzmatdaşlarymyzyň hersine aýratyn çemeleşmek, amatly iş şertleri, ýokary derejeli hyzmatymyz we harytlary wagtynda eltip bermekdir.

Biziň önümçiligimiz Nemes, Awstriýa we Çeh öndürijileriniň iň gowy enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kompaniýamyzyň artykmaçlyklary:

  • Işgärlerimiziň önümçilikde uly tejribesiniň bolmagy

  • Hususy barlaghanamyzyň bolmagy we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öndürilýän önümlere gözegçiligi amala aşyrmak

  • Eltip bermek üçin hususy awtoulagymyzyň bolmagy

  • Harytlary beýleki ýurtlara eksport etmek, şeýle hem önümçiligimize barha ösýän döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak.

Call Now